300 tonna balyk tutuldy
«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýetiniň balykçylary häzirki wagtda Darganata etrabyndaky Düýeboýun we Kerki etrabyndaky Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy suw howdanlarynda balyk awlamak işlerini alyp barýarlar.
«Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, hojalyk jemgyýetinde balykçylaryň 165-si zähmet çekýär.
Hojalyk jemgyýeti tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 300 tonnadan gowrak balyk awlanylyp, 950 müň manatlyga golaý iş edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.
Habarda bellenilişi ýaly, awlanylan balyklar alyjylara bökdençsiz ugradylýar. Bu işde Ýaponiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly ýurtlarda öndürilen döwrebap gaýyklardyr beýleki enjamlar ulanylýar.