YKDYSADYÝET

3 million 590 müň manatlyk önüm meýilnamadan artyk öndürildi

Üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde 23 million 682 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu göz öňünde tutulanyndan 3 million 590 müň manatlyk köpdür.
Öndürilen önümiň 20 million 838 müň manatlygy eýýäm ýerleşdirildi. Onuň 8 million 399 müň manatlygy daşary ýurtlara eksport edildi.
Fabrikde 2015-nji ýylda Şweýsariýanyň önümi bolan 240 rotorly döwrebap uly egriji ulgam oturdyldy. Bu bolsa önümiň hilini ýokarlandyrmaga şert döretdi. Kärhanada nah ýüplükleriň NM-34/1, NM-27/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-14/1 ýaly görnüşleri öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply