Çärjewiň pagta arassalaýjy kärhanasynda gowaça tohumynyň 2816 tonnadan gowragy taýýarlanyldy.
Onuň ählisi gowaçanyň «Ýolöten—7» görnüşiniň tohumydyr. Ol edilen sargytlara laýyklykda Çarjew, Saýat we Halaç etraplarynyň daýhan hojalyklaryna iberiler. Şunça tohum 26 müň 320 gektardan gowrak meýdana ekmek üçin ýeterlikdir. Lebap welaýaty boýunça jemi 130 müň gektar meýdana gowaça ekmeklik göz öňünde tutulýar. Welaýatyň hojalyklarynda «Ýolöten—7—den» başgada gowaçanyň «S—2606», «Aş—36», «133» görnüşleri ýetişdirilýär.
Gowaçanyň «Ýolöten—7» görnüşiniň tohumlyk çigidi üçin pagta Çärjew etabynyň hojalyklarynda ösdürilýär. Geçen ýyl tohumlyk çigit taýýarlamak üçin ýedi daýhan birleşiginiň meýdanlaryndan ýygylan pagtadan peýdalanyldy. Bu ýyl bolsa ol alty hojalykda: J.Hekimow we H.Hajyýew atlaryndaky, «Amyderýa», «Jeýhun», «Watan» we «Azatlyk» daýhan birleşiklerinde ekiler.