TÜRKMENISTAN HABARLARY

26-njy fewralda Lebapda gowaça ekişine girişiler

26-njy martda Türkmenistanda, şol sanda, Lebap welaýatynda hem gowaça ekişine badalga berler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde ýurduň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine “Bissimilla!” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we ýurduň edermen pagtaçy daýhanlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.