“SpaceX” indiki hepde taryhynda ilkinji gezek syýahatçylary kosmosa iberer. Bu barada CNBC habar berdi.
Hemmesi meýilnama boýunça alnyp barylsa, missiýa 26-njy awgustda Floridadan uçuşyny amala aşyrar. Bu “Polaris Dawn” diýip atlandyrylan üç uçuşyň ilkinjisi bolar.
“Polaris” missiýasyna amerikaly telekeçi, milliarder we “Shift4” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jared Aýzekman ýolbaşçylyk edýär. Ol “SpaceX”-iň üç sany kosmos uçuşyny satyn aldy. Oňa uzak wagtlap işleýän kärdeşi we howa güýçleriniň öňki uçarmany Skott Potet uçarman hökmünde, şeýle hem “SpaceX” -iň işgärleri Anna Menon we Sara Gillis ýoldaşlyk eder.
Geljekki kosmos syýahatçylarynyň özleri X sosial ulgamynda taýýarlyk işleri barada habar berdiler.
Uçuş bäş gün dowam eder we kosmosa üçünji günde çykylar.
Üç aý bäri Halkara kosmos stansiýasynda bolan amerikaly kosmonawtlar Barri Uilmor we Sunita Uillýams bolsa 2025-nji ýylda Ýere gaýdyp gelerler.