DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

21-nji we 22-nji Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri mälim edildi

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda, 21-nji Aziýa oýunlaryny 2030-njy ýylda Doha (Katar), 22-nji Aziýa oýunlaryny 2034-nji ýylda El-Rýad (Saud Arabystany) kabul eder. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Maslahata gatnaşyp bilmedik milli olimpiýa komitetleri üçin ses bermeklik onlaýn ýagdaýda geçirildi, şonuň ýaly-da «JW Marriott» myhmanhanasynda Milli Olimpiýa komitetleriniň adaty milli kagyz býulletenlerinde hem ses berildi. Gizlin ses bermekde Doha ýeňiji boldy.
Iki şäher hem 2030-njy ýyldaky oýunlary geçirmäge isleg bildiripdi. Şonuň üçin hem, Baş Assambleýa ozalyndan ýeňiji bolan şäher Aziýa oýunlaryny 2030-njy ýylda, beýleki şäher 2034-nji ýylda kabul eder diýen karara gelipdi.
19-njy Aziýa oýunlary 2022-nji ýylda Hançžoýda (Hytaý), 20-njisi — 2026-njy ýylda Aýti-Nagoýada (Ýaponiýa) geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply