Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýeti, saz sungaty hem-de ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha kämilleşip gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmaklyk asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip, atlandyryldy we onuň nyşany kabul edildi.
2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk ýörelgelerimiziň mizemezligini şeýle-de ata Watanymyzyň belent maksatlaryna ýagny, üstünliklerine ýetmeklik ýolundaky okgunlylygy aňladýar. Türkmenistanyň medeni mirasa, şol sanda ahal-teke bedewlerine goýulýan sarpa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şygaryň bedew “At myrat” bilen baglanyşdyrylmagy türkmen halkynyň umyt-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdumyza bolan beýik ynamyny dabaralandyrýar. Behişdi bedew batly ösüşleriň, özgerişleriň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň kämillik derejesine ýetmeginiň, täze röwüşe eýe bolmagynyň aýdyň nyşanydyr. Bu 2026-njy ýylyň şygary esasynda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, maslahatlar, dabaraly konsertler giň gerime eýe bolýar. Bu şygar her birimizi täze täze zähmet üstünliklerine ýetmäge we joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik bolsun!
Gülşat AKYÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano ” bölüminiň mugallymy.
