2026-njy ýylda Türkmenistanyň düýpli maýa goýumlarynyň 11,1 göterimi Lebap welaýatyna gönükdiriler. Bu barada 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenilýär. Maksatnama laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Sebitler boýunça maýa goýumlaryň bölünişinde Lebap welaýatyna 11,1 göterim paýyň düşmegi welaýatyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, täze önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge we inženerçilik-durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilik açar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçjekdigini nazara alanyňda, bu görkeziji welaýatda hem belent maksatlaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna güýçli itergi berer.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň maýa goýumlarynyň 11 göterimi Lebap welaýatyna gönükdiriler
24
Feb

