«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, 2026-njy ýylda maýa goýum Maksatnamasyny amala aşyrmak üçin 41,2 milliard manat möçberinde serişdeleriň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Bu serişdeleriň aglabasy önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde Lebap welaýatynda hem mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk we inženerçilik desgalarynyň gurluşyklary alnyp barlyp, täze iş orunlarynyň döredilmegi üpjün ediler.
2026-njy ýylda maýa goýum Maksatnamasyna 41,2 milliard manat gönükdiriler
07
Jan
