Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň 4-nji maddasynda görkezilişi ýaly, welaýatlaryň deňeçerligini üpjün etmek maksady bilen Merkezleşdirilen býujetten serişdeleriň bölünmegi göz öňünde tutulýar. Şol çykdajylaryň çäginde Lebap welaýatyna 1 milliard 211 million manat möçberinde serişdeler berler. Bu uly möçberdäki goldaw sebitde dowam edýän gurluşyk taslamalaryna, durmuş-medeni maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine hem-de ilat üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilýär.
Berilýän serişdeler esasan ýol-ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, saglygy goraýyş merkezleriniň we beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şeýle hem bu möçber sebitiň ykdysady taýdan has-da ösmegini üpjün edip, Lebap welaýatynda täze iş orunlarynyň döremegine we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna giň ýol açar.
2026-njy ýylda Lebap welaýatyna merkezi býujetden 1,211 milliard manat bölünip berler
24
Nov
