TÜRKMENISTAN HABARLARY

2026-njy ýyl üçin Lebap welaýatynyň ýerli býudjeti kesgitlenildi

2026-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 5-nji maddasynda çap edilen maglumatlara görä, welaýatlaryň ýerli býujetleriniň möçberleri anyk kesgitlenildi. Şol sanawda Lebap welaýatynyň ýerli býujeti 3 milliard 125,6 million manat möçberinde tassyklanyldy. Bu görkeziji ýurdumyzdaky iň iri býujetleriň biri bolup, sebitde alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini görkezýär.
Bu serişdeler sebitde ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, şäher we etraplarda infrastruktura ulgamyny kämilleşdirip, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin ulanylar. Şeýle hem bu serişdeler bilim, saglyk, medeniýet, aragatnaşyk, ekologik taslamalar ýaly jemgyýetçilik ähmiýetli ugurlarda işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, täze ýyl Lebap welaýatynyň ösüşlerinde täze giň mümkinçilikleriň eýesi bolar.