SPORT WE SYÝAHAT

2025-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary Saud Arabystanyda geçiriler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 7-nji Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri belli boldy. Bu oýunlary 2025-nji ýylda Saud Arabystany Patyşalygy kabul eder, diýip, «atavatan-turkmenistan.com» habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary ilkinji gezek 2005-nji ýylda Bankgokda (Tailand) geçirildi. Soňra 2007-nji ýylda Makaoda, 2009-njy ýylda Wýetnamda, 2013-nji ýylda Günorta Koreýada geçirildi.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirildi.

Geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlary Tailandda geçiriler. 2021-nji ýylda geçirilmeli bu ýaryş koronawirus ýokanjy sebäpli yza süýşürilip gelinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: