TÜRKMENISTAN HABARLARY

2025-nji ýylda Türkmenistanda täze obalardyr şäherçeler açylyp, ulanylmaga berler

Şu ýyl Türkmenistanda täze obalardyr şäherçeleriň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berler. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Şu ýyl ýurduň dürli künjeklerinde binalaryňdyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap obalar we şäherçeler
bar. Şeýle hem Aşgabat şäherinde, ýurduň welaýatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda gurulýan iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Häzirki wagtda Lebap welaýatynda hem döwrebap şäherçelerdir obalaryň dördüsiniň gurluşygy dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: