SPORT WE SYÝAHAT

2025-nji ýylda Türkmenistanda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Ilki başda bu çempionat Aşgabatda 2020-nji ýylda geçirilmelidi. Munuň üçin Türkmenistan Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde zerur bolan guramaçylyk işlerini hem geçiripdi. Ýöne dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu teklip içgin öwrenildi hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Söweş sungaty milli federasiýasy tarapyndan makullanyldy.

Bu barada hökümetiň 1-nji iýulda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: