Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri hökmünde jemi öndürilen önümiň möçberi barada hem maglumat berildi. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artdy.
Şeýle ösüş ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçiligiň giňeldilendigini, önümçilik mümkinçilikleriniň doly peýdalanylandygyny görkezýär. Bu görkezijiniň artmagy ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatlarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aňladýar.
Hasabatda 2025-nji ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleriniň gazanylandygy aýratyn nygtaldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artdy
14
Feb

