SPORT WE SYÝAHAT

2025-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 1000-e golaý medal gazandylar

Türkmen türgenleri sanlyja gün mundan ozal taryha giren 2025-nji ýylda halkara derejeli ýaryşlarda jemi 977 medal gazanmagy başardylar. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň jemleri bilen deňeşdirilende 225 medal köpdür. Gazanylan bu üstünlikler milli sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijelidigini aýdyň tassyklaýar hem-de has uly ýeňişlere uzaýan ýoluň badalgasy bolup durýar.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen türgenleriniň gatnaşýan halkara ýaryşlarynyň sany hem artdy. Eger 2024-nji ýylda ildeşlerimiz 190 ýaryşa gatnaşan bolsa, 2025-nji ýylda abraýly halkara bäsleşikleriň 226-synda çykyş etdiler. Netijede, ýurdumyzyň baýrak gaznasy 304 altyn, 287 kümüş we 386 bürünç medal bilen baýlaşdy. Bu üstünlikler döwletimiz tarapyndan sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň miwesi bolup durýar.