JEMGYÝET

2025-nji ýyla çenli Türkmenistan temmäkiden azat ýurda öwrüler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Onda Kararyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilendigi bellenilýär.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hemde Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: