Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň aktýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Jumageldiýew Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dünýä möçberinde giňden bellenilmeginiň türkmen döwletiniň abraýyny has-da belende göterendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu şanly senä bagyşlanan dabaralara gatnaşmak özi üçin uly buýsanç boldy. Şol ýyl mynasybetli teatryň döredijilik topary hem dürli spektakllary, şol sanda daşary ýurt dramaturglarynyň meşhur pýesalarynyň birnäçesini sahnalaşdyrdy.
Akmyrat Jumageldiýew şanly ýylyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiziň uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini nazara alyp, oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakandygyny belledi. Ol bu ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, döredijilik ýolunda mundan beýläk-de täze üstünliklere ýetmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.
2025-nji ýyl lebaply sahna ussady üçin iň düşümli ýyllaryň biri boldy
25
Dec
