YKDYSADYÝET

2024-nji ýylda Lebap welaýatynyň býudjeti 10 göterime golaý artar

2024-nji ýylda Lebap welaýatynyň býudjeti 2023-nmji ýyldakydan 9,2 göterim ýokarlanar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada habar berildi.

Has takygy, makalada görkezilişi ýaly, geljek ýylda Lebap welaýatynyň býudjeti 2 781,1 million manada barabar bolar. Munuň özi ýurduň ähli sebitleriniňkiden we Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniňkiden kändir. Täze ýylda Türkmenistanda iki şäheriň we welaýatlaryň býudjeti aşakdaky möçberlerde belleniler:

Aşgabat şäheri, 2 443,1 million manat, 2023-nji ýyldakydan 10,8 göterim ýokary;

Arkadag şäheri, 236,7 million manat;

Ahal welaýaty, 1 658,9 million manat, 7,1 göterim ýokary;

Balkan welaýaty, 1 538,7 million manat, 9,4 göterim ýokary;

Daşoguz welaýaty, 2 478,5 million manat, 9,4 göterim ýokary;

Lebap welaýaty, 2 781,1 million manat, 9,2 göterim ýokary;

Mary welaýaty, 2 618,0 million manat, 8,1 göterim ýokary.