JEMGYÝET

2023-nji ýylyň «Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň «Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi, diýlip Ministrligiň saýtynda habar berilýär.

Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 77/32 kararnamasyna laýyklykda 2023-nji ýyl «Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: