YLYM WE TEHNIKA

2023-nji ýyldan soň Halkara kosmos stansiýasy kosmiki syýahatçylaryň ikisini kabul eder

2023-nji ýyldan soň iki syýahatçy Russiýanyň «Soýuz» korablynda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugrarlar. Bu barada «РИА Новости» agentligi bilen bolan söhbetdeşlikde  «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça orunbasary Sergeý Sawelýew gürrüň berdi, diýip «Известия» gazeti ýazýar.

Kosmosa uçmak isleýänleriň russiýaly raýatlaryň däldigi hem kesgitli aýdyldy. Korporasiýa bilen haýsy ýurduň raýatlarynyň habarlaşandygy belli däl.

Ol syýahatçylaryň atlaryny Birleşen Arap Emirliklerinde oktýabrda geçiriljek Astronawtiki kongressde yglan etjekdigini aýtdy.  Alymyň aýtmagyna görä, gitjek syýahatçylar bilen resminamalara gol çekiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: