YKDYSADYÝET

2022-nji ýylda lebapy telekeçiler 11 million 197,5 müň dollarlyga ýakyn senagat harytlaryny eksport etdiler

2022-nji ýylyň dowamynda lebaply telekeçiler umumy bahasy ABŞ-niň 11 million 197,5 müň dollarlygyna ýakyn senagat harytlaryny daşary ýurtlara ugratdylar. Netijede 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda daşary ýurtly alyjylara 2,5 million dollarlyga ýakyn köp haryt ýerlenildi.

Izogamm, suwuk bitum mastikasy, akkumulýatorlar, senagat garyndyly suwuklyk, regenirlenen ýüplük, kendir görnüşli watin, polietilen turbalar, polietilen we polipropilen haltalar, bitum mastikasy, gipskarton we beýleki önümler eksport iberilen harytlaryň sanawyna girýärler. Türkmenistanda öndürilen harytlary Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: