YKDYSADYÝET

2021-nji ýylda Türkmenistanda önüm öndürilişi artdy

Geçen ýylyň netijeleri boýunça 83,773 million kub metr tebigy gaz çykaryldy, onuň eksporty, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 34,8 göterim, elektrik energiýasynyň önümçiligi 11,6 göterim, onuň eksporty bolsa 36,4 göterim köpeldi. Şu döwürde benziniň öndürilişi 0,5 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,8 göterim, sementiň öndürilişi 4,5 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 6,3 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 2,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 9,8 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 4,1 göterim, nah ýüplükleriň öndürilişi 24,8 göterim, nah matalaryň öndürilişi 6,4 göterim artdy.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen geçirilen mejlisinde getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: