JEMGYÝET

2020-nji ýylyň programmalary

«App Annie»-niň bilermenleri 2020-nji ýylyň iň meşhur ykjam programmalaryň sanawyny yglan etdiler. Sanawyň başyny «TikTok», «Tinder» we «Facebook» çekýär.


Sanawda programmanyň hili, olaryň ýüklenip alnan mukdary, ulanyjylaryň ondan peýdalanmak üçin sarp eden pulunyň mukdary we işjeňligi ýaly aýratynlyklar göz öňünde tutuldy.
Sanawa görä, «TikTok» 2020-nji ýylda iň köp ýüklenen programma boldy. Bilermenler 2021-nji ýyla çenli wideo paýlaşmakda ýöriteleşen sosial ulgamyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň bir milliarddan geçjekdigini çaklaýarlar.
«Facebook», «WhatsApp», «Zoom» we «Instagram» sanawyň ilkinji bäşligine giren programmalar boldy.
Mundan başga-da, ulanyjylar 2020-nji ýylda iň köp serişdäni «Tinder» tanyşlyk programmasyny ýükläp almak üçin sarp etdiler, «Facebook» bolsa iň işjeň ulanylan programma boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply