Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebini 200 talyp tamamlady.

Olar elektrik üpjünçiligi, gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy, içerki suw ýollarynda gämi sürmek we kenarýaka ýüzüşi, gidromeliorasiýa serişdelerine tehniki hyzmat edilişi, keşbirleýiş önümçiliginiň tehnologiýasy, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi ýaly hünärleri ele aldylar. Uçurymlara «Diýar» toý mekanynda dabaraly ýagdaýda okuw jaýyny tamamlandygy barada wagtlaýyn şahadatnamalar gowşuryldy. Hereket edýän düzgüne görä, iki ýyl önümçilikde işlänlerinden soň olar degişli diplomlary alarlar.

Okuw mekdebiniň ýolbaşçylary we mugallymlary uçurymlara zähmet ýolunda üstünlikleri arzuw etdiler.

Dabarada mekdebiň «Amyderýa mukamlary» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň şu güne niýetläň ýörite taýýarlan konserti boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: