20-ä ýakyn desga hususyýetçilere satylar

Jan 9, 2021

Lebap welaýatynda döwlet eýeçiligindäki 19 desga 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriljek bäsleşikli söwdalarda hususy taraplara hödürleniler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň desgalary bar.
Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edilen bildirişlerde habar berdi. Neşirdäki sanawda ýurt boýunça 32 desga görkezilýär.
Bäsleşikli söwdalar 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Hususyýetçilige hödürlenilýän desgalaryň doly sanawy bilen www.fineconomic.gov.tm salgydan tanyş bolup bilersiňiz.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: