- ESASY HABARLAR, SYÝASAT

1991-nji ýylda Aşgabatda geçirilen duşuşyk GDA-nyň häzirki şekilinde döredilmegi üçin esas boldy

Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy — Ýerine ýetiriji Sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Ol: «Dünýä jemgyýetçiliginiň Belowežsk ylalaşyklaryny mälim eden hem-de «GDA» gysgaltmasyny ilkinji gezek eşiden 1991-nji ýylyň dekabrynda wakalar düýbünden başgaça görnüşde ýaýbaňlanyp bilerdi. Hut şu ýerde hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň häzirki keşbiniň kemala getirilmeginde Türkmenistanyň eýelän möhüm ornuny gürrüňsiz belläp geçmek mümkindir. Çünki hut Aşgabatda 1991-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi we ol GDA-nyň häzirki şekilinde döredilmegi üçin esas bolup çykyş eden Alma-Ata Jarnamasynyň gol çekilmegi üçin oňaýly şertleri döredendir» diýip belledi. 

Soňra: «Türkmenistan beýleki döwletler bilen birlikde, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA-nyň agzalarynyň içeri hem-de daşary syýasatlarynyň dürli ulgamlarynda deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmegi baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna hem-de Alma-Ata Jarnamasyna gol çekdi. Şunlukda ilkibaşda daşary syýasat modelinde bitaraplyk syýasatyny saýlap almak bilen, Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary diňe bir ýurduň ösüş ýollaryny tapmak barada çemeleşmän, eýsem döwletiň içerki durnuklylygy üçin oňyn daşky şertleriň döredilmeginden ugur aldylar.

Şol döwürden bäri Türkmenistan özüniň halkara-hukuk derejesine gyşarnyksyz ygrarlylygyny beýan etmek bilen, bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň beýleki ugurlar bilen bir hatarda GDA-nyň çäklerinde wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmeklige gönükdirilen daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleri bolup durýandygyny iş ýüzünde subut edýändir. Bu Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda hem-de Döwlet ýolbaşçysynyň çykyşlarynda gyşarnyksyz tassyklanylýandyr. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň oktýabrynda Soçi şäherinde geçirilen sammitde Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýan hem bolsa, özüniň halkara syýasatynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny esasy abraýly halkara guramasy hökmünde ileri tutýar. Biz mundan beýläk hem biziň assosirlenen hem-de bitaraplyk derejämize garamazdan bu daşary syýasat ugrumyzy dowam etdireris» diýip aýratyn nygtap geçdi» diýip, aýdanlaryny tassyklaýan maglumatlary üstüne goşdy.