16 ýaşly telegepleşik ilkinji gezek Lebap welaýatynda ýazgy edildi
Şu gün welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynda indi 16 ýyldan bäri ýaýlyma berlip gelinýän «Bagtyýarlyk ylhamy» atly gepleşigiň Lebap welaýatyndaky ilkinji göçme sany ýazgy edildi. Bu gepleşigi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew gurnaýar we alyp barýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, halypa şahyr galamdaşy Seýitmyrat Geldiýew bilen bilelikde şu günler welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýar. Meşhur gepleşigiň göçme sany bu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň biridir.
― Yzda galan 16 ýylyň dowamynda gepleşige ýaş şahyrlaryň 2 müňden gowragy gatnaşdy. Olaryň köpüsi häzirki wagtda türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerine, ajaýyp döwrümiziň waspçylaryna öwrüldi. Bu gün Magtymguly Pyragynyň gadamy düşen, Seýitnazar Seýdi, Zynhary, Rahmet Seýidow ýaly ägirtleri edebiýat giňişligine bagyşlan gadymy Lebap topragynda gepleşigimiziň göçme sanyny taýýarlamak biziň üçin belent bagt. Gepleşige gatnaşan ýaş döredijileriň şygyr döretmegiň kadalaryny we şertlerini gowy özleşdirendigi bizi begendirdi ― diýip, şahyr Orazguly Annaýew ýazgydan soň gürrüň berdi.