Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylda halkara
ýaryşlarynda eminlik etjek eminleriniň sanawyny çap etdi. Geçen ýylky bilen
deňeşdirilende, täzelenen sanawda Türkmenistandan wekilçilik etjek eminleriň sany 13-den 15-e çenli köpelipdir. Bu barada federasiýanyň saýty habar berýär.
Halkara derejeli eminleriň sanawyndan Türkmenistandan FIFA-nyň 4 emini, FIFA-nyň kömekçi eminleriniň 6-sy, futzal boýunça eminleriň 2-si orun alypdyr. Şeýle-de, Aşgabatly FIFA-nyň emini Timur Gulmyradow kenarýaka futboly boýunça geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.
Türkmenistanly zenan eminleriň ikisi Kristina Bersenýowa (FIFA derejeli eminiň
kömekçisi) bilen Merjen Bagşyýewanyň (futzal boýunça FIFA-nyň emini) hem
FIFA-nyň sanawyndan orun alandyklaryny aýratyn bellemek gerek.
15 eminimize FIFA derejesi berildi

06
Jan