DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

1300-den gowrak mekdebiň ýapylmagynyň ýekeje sebäbi bar

Fransiýada 1300-den gowrak döwlet mekdebi aşa yssy howa sebäpli 1-nji iýulda ýapylar. Bu barada neşirler habar berýär.
“1-nji iýuldan 45000-den 1350 töweregi döwlet mekdebi bölekleýin ýa-da doly ýapylar. Adatdan daşary yssy howa çaklamasy sebäpli ýapyljak mekdepleriň sany iki esse artdy” -diýlip bellenilýär.
Meteorologiýa gullugy Pariž basseýnini goşmak bilen ýurduň 16 sebitinde aşa yssy howa ýagdaýy emele geldi. 1-nji iýul käbir ýerlerde howanyň temperaturasy 41 gradusa ýetmegi bilen döwrüň iň yssy güni bolar diýlip garaşylýar.
“Bloomberg” -iň habar berşi ýaly Günbatar Ýewropa ýurtlarynda emele gelen adaty bolmadyk yssy ýakyn günlerde iň ýokary derejesine ýeter. Neşiriň pikiriçe, şeýle ýokary temperatura elektrik torlaryna howp salýar.