YLYM WE TEHNIKA

13 kilometrden dolandyryp boljak dron öndürildi

«DJI» kompaniýasynyň satuwa çykaran täze ykjam dronlary barmasy kyn bolan ýerlerde wideoýazgy edýänleriň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.
«Flip» diýlip atlandyrylan bu enjamlar arkaly ýokary hilli suratlary düşürmek we wideoýazgylary etmek mümkindir. Şeýle-de olary 13 kilometr uzaklykdan hem aňsatlyk bilen dolandyryp bolýar. Dronlarda oturdylan kameralar ýokary hilli, takyk wideoşekilleri düşürmek mümkinçiligine eýedir.
Olar dürli urgulara hem çydamlydyrlar. Kinniwan dronuň agramy bolsa bary-ýogy 249 grama barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: