JEMGYÝET

104 ýaş okamagy we ýazmagy öwrenmek üçin giç däl

Kerala ştatynyň ýaşaýjysy Kuttiýamma ýüz ýaşyndan geçenden soň okamagy we ýazmagy öwrenipdir. Onuň taryhyny «The Guardian» gazeti beýan etdi, diýip, «rambler.ru» ýazýar.

Zenan garyp daýhan maşgalasynda eneden doglupdyr, onuň 11 dogany bolupdyr. Ol ýetginjeklik döwründen öý işlerini edip başlapdyr, Nahar bişiripdir, kir ýuwupdyr, kiçi doganlaryna seredipdir. Çaga döwründe bilim almak barada arzuwam edip bilmändir. Garyp maşgalalaryň oglanlary hem dokuz ýaşynda okuwyny taşlapdyrlar we işlemäge mejbur bolupdyrlar. Ýöne Kuttiýamma okamak barada arzuw edýär eken. 16 ýaşynda ony durmuşa çykarypdyrlar. Zenan bäş çaga dogrupdyr we durky bilen maşgalasyna berlipdir, ýöne hemişe kiçi ýaşly garyndaşlaryndan gazet okap bermegi haýyş edipdir.

Diňe 2021-nji ýylyň aprelinde Kuttiýamma 34 ýaşly goňşusynyň täsiri bilen okap başlapdyr, eýýäm noýabrda başlangyç mekdebiň döwlet synagyny tabşyrypdyr we matematika boýunça iň ýokary bahany alypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: