- ESASY HABARLAR, MEDENIÝET

100 ýyl mundan ozal Amyderýa jülgesinde ilkinji kitaphana açyldy

1919-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenabatda (şol wagt şähere Çarjuý diýilýärdi) edebiýaty halaýanlar üçin ilkinji kitaphana gapysyny açypdy. Şol wagt kitaphanada 5,5 müňden sähel gowrak kitap bardy.

Edebiýatyň dünýägaraýşy kemala getirmekde, milliligiň dowatlygynda uly ähmiýeti bardyr. Şu jähtden Türkmenabadyň kitaphanalar ulgamy, tutuş ýurtda bolşy ýaly, soňky ýyllarda güýçli depginde ösdürilýär, onuň mady-tehniki binýady berkidilýär, döwrebap usulýet işläp taýýarlamalary we sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

2014-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň dolandyryş merkezinde döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda welaýat kitaphanasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Kitaphana jemi 11,5 müň inedördül metre golaý meýdany tutýar. Häzirki wagtda bu ýerde 300 müňden gowrak kitap bar. Birbada 450 adama niýetlenen döwrebap enjamlaşdyrylan okalgalaryň 11-si, maslahatlar zaly, internet otagy, kinozal we beýlekiler okyjylaryň hyzmatynda. Kitaphanada galyň ktaplar saklanylýar. «Kitaplar öýüniň» ýokarky gatynda Germaniýanyň kuwwatly teleskopy oturdylan, okuwçylar we talyplar onuň kömegi bilen astronomiýany öwrenýärler, asman jisimlerine syn edýärler.

Häzirki wagtda Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde, etraplarynda, şäherçelerinde we obalarynda kitaphanalaryň 53-si hereket edýär. Olarda jemi 1 million 350 müň kitap bar. Şu günler olary sanly görnüşe geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Berdimyrat JUMAÝEW

Maglumat turkmenistan.gov.tm saýtyndan.