“Ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatmyzda aýdym-sazyň, bagşyçylygyň aýratyn orny bar. Biz meşhur sungat ussatlarymyzdan, halypa bagşy-sazandalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyza buýsanmaga haklydyrys ”-diýip nygtaýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly şygarlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyzyň milli medeniýeti we sungaty ulgamlarynda beýik işler alnyp barylýar. Şeýle beýik işleriniň ýetilýän sepgitleriň netijesinde, ýurdumyzyň aýdym-saz sungaty, şeýle hem bagşyçylyk ýoly bütin ýer ýüzünde at-abraýy has-da artýar. Dutarda saz çalmak we Bagşyçylyk sungaty iň gadymy, taryhy sungatlarymyzyň ýagny, baýlyklarymyzyň biri bolup, türkmen halkymyzyň kalbynda, aňynda ornandyr. Ata-babalarymyzdan bize miras galan dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden nesle geçirilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize gelip ýetdi.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde bagşy-sazandalarynyň döredijiligi bilen bagly bolan birnäçe aýdym-sazly dabaralar, konsertler geçirilip durýar. Şeýle ajaýyp konsertleriň biri hem milli aýdym-saz sungatymyzyň, medeniýetimiziň ösmegi, kämilleşmegi ugrunda zähmet çekýän Türkmenistanyň halk bagşysy, mekdebiň “ Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň halypa mugallymy Gurbandurdy Öwezow hem-de mekdebimiziň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň uly mugallymy Mährem Jumaýew dagylaryň gurnamagynda ýaňlandy.
Konsertde birnäçe türkmen milli halk aydym-sazlary ýaňlandy. Konsert ussat sazanda Mährem Jumaýewiň şägirdi “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň IV ýyl talyby Mergen Asdanowyň ýerine ýetirmeginde “Apbanepes” atly türkmen halk sazy bilen başlandy. Bu sazy fortepiano we dutar üçin täzeden işlän Öwezmyrat Gandymowdyr. Soňra ýene-de Mergen Asdanowyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazy “Şelepli durna ” ýaňlandy. Türkmen halk sazyny täzeden işlän Çary Nurymowdyr. Ýaňlanan bu ajaýyp halk sazlaryna “Fortepiano” bölüminiň ýaş hünärmen mugallymy Ajap Ilowa sazandarlyk etdi.
Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, halypa mugallymy Gurbandurdy Öwezowyň “ Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň I-ýyl talyby Esen Atamuradowyň ýerine ýetirmeginde birnäçe halk aýdymlary ýaňlandy. Olardan: “Mukam” – sazy: Gurbandurdy Öwezow, sözleri: Annagözel Ýagşyýewa; soňra “Gyzlar”, “Suw ber içeli” türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardy. Halypa mugallym şägirdine bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwredýär.
Konsertiň dowamynda ýerine ýetirlen türkmen halk aýdym-sazlaryna on dokuz perdeli dutary oýlap tapan mugallym Mährem Jumaýew gyjak saz guralynda ussatlarça sazandarlyk etdi.
Konsertda ýaňlanan türkmen milli dutarynyň mahmal owazy, bagşylaryň özboluşly we labyzly şirin owazlary konserda gatnaşyjylaryň kalbyny ruhlandyrdy. Şeýle ajaýyp konsertleriň geçirilip durmagy talyplarda sungata bolan höweslerini we söýgüni has hem artdyrýar.
Şeýle ajaýyp zamanamyzda ýaş nesle bilim bermage, okatmaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyz we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Ýurdumyzyň ösmegi, kämilleşmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Jumageldiýewa Oguljahan