TÜRKMENISTAN HABARLARY

1-nji maýdan başlap, Türkmenistanyň kanunçylygynda nämeler üýtgedi?

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse, şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Kanuna girizilen üýtgetmeler güýje girdi. Degişli kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi. Täze üýtgetmeler ýol hereketiniň howpsuzlygy, söwda, saglygy goraýyş, mahabat, şahsy resminamalaryň goragy we migrasiýa düzgünleri ýaly ugurlary öz içine alýar.
16 ýaşa ýetmedikleriň çilim çekmegi üçin ene-atalar jogapkär bolar. Kodeksiň 358-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, 16 ýaşa ýetmedik çagalar temmäkä garşy kanunçylygyň talaplaryny bozan ýagdaýynda, olaryň ene-atalaryna ýa-da ornuny tutýan şahslara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli jerime salnar.
Serhoş ýagdaýda ulag dolandyrmak bilen bagly jogapkärçilik güýçlendirildi. Ulag dolandyrmagy bilkastlaýyn serhoş adama bermek üçin jerime binýatlyk mukdaryň altysyndan onusyna çenli ýokarlandyryldy. Ulag dolandyrmak hukugy bolmadyk adamyň serhoş ýagdaýda ulag dolandyrmagy üçin jerimäniň iň pes çägi binýatlyk mukdaryň ýedisinden on ikisine çenli, bu ýagdaý bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, sekizden on ýedä çenli ýokarlandyryldy. Serhoş sürüjini işe goýberen wezipeli adamlar üçin bolsa bäş binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenildi.
Resminamasyz ýa-da möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy bilen ulag dolandyrmak üçin düzgünler täzelendi. Kodeksiň 228-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler sürüjilik şahadatnamasynyň ýanyňda bolmazlygy, şeýle hem möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasy bilen ulag dolandyrmak bilen bagly jogapkärçiligi güýçlendirýär.
Bikanun lukmançylyk we farmasewtik işi üçin jogapkärçilik giňeldildi. Kodeksiň 86¹-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, indi ygtyýarnamasyz hususy lukmançylyk ýa-da farmasewtik işi bilen meşgullanmak netijesine garamazdan administratiw jogapkärçilige eltýär. Munuň üçin bäşden on binýatlyk mukdar möçberine çenli jerime salynýar, derman serişdeleri bolsa muzdsuz alnyp goýulýar. Bu hereket gaýtalanan ýa-da topar bolup edilen ýagdaýynda ondan ýigrimi binýatlyk mukdar möçberine çenli jerime ýa-da ýedi güne çenli administratiw tussaglyk göz öňünde tutulýar.
Pasporty girew hökmünde kabul etmek gadagan edildi. Kodeksiň 372-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere görä, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny girew hökmünde kabul etmek gadagan edilýär. Bu düzgün bozulan ýagdaýynda fiziki şahslar üçin birden iki binýatlyk mukdar möçberine çenli, wezipeli adamlar üçin bäş, ýuridik şahslar üçin bolsa alty binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenilýär.
Daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak düzgünleri giňeldildi. «Migrasiýa hakynda» Kanunyň 12-nji maddasy alty bölümden on ýedi bölege çenli giňeldildi. Daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak, hasaba alyş möhletini uzaltmak we hasapdan çykarmak işleri elektron görnüşe geçirilýär. Hasaba almak üçin esaslaryň hataryna ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi, daşary ýurt raýatynyň pasportynyň çalşylmagy ýa-da uzaldylmagy ýaly ýagdaýlar goşuldy. Üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin goşmaça hasaba alynmazdan bolmagyň möhleti bäş senenama güni, halkara awtoulag gatnawlarynda ulag sürüjileri üçin bolsa on bäş güne çenli kesgitlenildi.
Alkogolly içgiler we temmäki önümleri boýunça jerimeler täzelendi. Alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň dolanyşygy bilen bagly düzgün bozulmalar üçin administratiw jerimelere üýtgetmeler girizildi.
Ýalan mahabat üçin administratiw jogapkärçilik girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we internet arkaly harytlar, işler ýa-da hyzmatlar barada bilkastlaýyn ýalan mahabaty ýaýratmak üçin jogapkärçilik bellenildi. Munuň üçin fiziki şahslar 30-dan 50, wezipeli adamlar 40-dan 60, ýuridik şahslar bolsa 50-den 75 binýatlyk mukdar möçberine çenli jerime tölemeli bolar.
Rugsat berilmedik ýerlerde elden söwda etmek üçin çäreler kesgitlendi. Kanunçylykda göz öňünde tutulmadyk ýerlerde elden söwda etmek ýa-da hyzmatlary hödürlemek üçin duýduryş, harytlaryň muzdsuz alnyp goýulmagy ýa-da 50-den 100 manada çenli jerime göz öňünde tutulýar.