TÜRKMENISTAN HABARLARY

1-nji martdan Türkiýe türkmen gazyny satyn alyp başlar

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada metbugat ýygnagyny geçirdi. Ilçi Ahmet Demirok 2024-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklara baha berdi.
Ilçi Ahmet Demirok, geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamnedowyň 3-nji antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda gol çekilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama laýyklykda, Türkiýäniň “BOTAŞ” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda köp sanly gepleşikleriň geçirilendigini, şonuň netijesinde 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda 2 milliard kubmetre möçberindäki türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmegi babatda degişli ylalaşygyň gol çekilendigine uly
kanagatlanma bildirdi.
Ilçi bu usul bilen gaz akymynyň 2025-nji ýylyň 1-nji martynda başlajakdygyny aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: