JEMGYÝET

1-nji iýundan Türkmenabatdan Kazana howa gatnawy ýola goýlar

 Şu ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenabat Halkara howa menzilinden halkara derejeli ilkinji yzygiderli uçuş ýola goýlup başlanar. Has takygy, şol gün Kazan (Tatarystan Respublikasy) ― Türkmenabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlara badalga berler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şondan soň her hepdäniň çarşenbe gününde iki şäheriň arasynda yzygiderli howa gatnawyny meýilleşdirýär. Ilkinji uçuş boýunça uçar ýerli wagt bilen 18:30-da Kazan şäherinden ugrap, Türkmenabat Halkara howa menziline gije sagat 23:30-da geler.

Şeýle hem awiakompaniýa her hepdäniň anna we ýekşenbe günleri «Kazan ― Aşgabat ― Kazan» ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýar. Uçuşlar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan bellenilen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: