TURKMENISTAN NEWS

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde «Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher» ady bilen döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Oňa makalalar, hekaýalar, goşgular kabul ediler.
Bu barada gazetde çap edilen habarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna yglan edilen bäsleşige islendik ýaşdaky we kärdäki adamlaryň gatnaşyp biljekdigi barada aýdylýar.
Şonuň ýaly-da, okyjylaryň dykgatyna döredijilik bäsleşigine eserleriň 2021-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli kabul ediljekdigi we olaryň gowularynyň «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediljekdigi ýetirilýär. Bäsleşigiň jemini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlemek, her ugur boýunça tapawutlanan eserlere birinji, ikinji we üçünji orunlary kesgitlemek we ýeňijilere guraýjylar tarapyndan Hormat hatlaryny we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar.
Bäsleşige hödürlenilýän işleri gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@online.tm) ýa-da Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasyna «Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen ugradylmalydyr .

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply