SUNGAT ADAMLARY

Ýüplerden emele gelýän suratla

Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň şekillendiriş sungaty mugallymy Aýnur Jumaýewa işinden boş wagty gobelen dokamak bilen meşgullanýar.
Onuň işleriniň ilkinji tomaşaçylary obadaşlary bolýarlar. Guwak geňeşliginiň Jeňňel obasynyň ýaşaýjylary gyzyň döredijiligine ýokary baha berýärler. Ol özüniň «Akwarium», «Aýly agşam», «Bedew — ganatym», «Bahar bägülleri» ýaly işleri bilen dürli derejelerde geçirilýän sergilere gatnaşýar. Mundan iki ýyl ozal Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi Geňeşleriniň bilelikde geçiren bäsleşiginde Hormat hata mynasyp boldy. Şu ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň geçiren «Çeper elli gözeller — gözelligiň nusgasy» atly bäsleşikde ikinji ora mynasyp boldy.
Aýnur işinden daşary isleg bildirýän oba gyzlaryna gobelen dokamagy öwredýär. Bezeg sungatynyň bu görnüşiniň syrlaryny ol Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde okan döwründe öwrendi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply