- ESASY HABARLAR, JEMGYÝET

Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri bäsleşdiler

Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdepde «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde guran bu çäresine bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrynda ýeňiji bolan mekdepleriň toparlary gatnaşdylar.

Olar nyzama durup, hatar bilen aýak goşup, ýöräp barýarkalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Toparlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz edýän çykyşlary diňlenildi, bu temadan taýýarlan suratlaryna baha berildi. Şonuň ýaly-da, bäsleşige gatnaşyjylar degişli ýol belgileri goýlup, gatnawly köçe, ýanýoda şekillendirilen bölegiň çatrygynda sazlaýjynyň hereketlerini görkezdiler. Welosipedçiler päsgelçiliklerden geçmek, çäklendirilen ýer böleginde «sekizlik ýasamak» boýunça ýaryşdylar. Soňra toparlaryň agzalary ýol hereketiniň düzgünleri boýunça berlen soraglara jogap berdiler. Şeýle-de, ýol-ulag hadysasynda «heläk bolana» ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça hem toparlaryň agzalarynyň başarnyklary gözden geçirildi.

Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň topary has gowy netijeleri görkezdi we baş baýraga mynasyp boldy. Çärjew etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, Farap etrapdaky 5-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, Dänew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Olaryň ählisi bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň guramaçylarynyň aýtmaklaryna görä, bu mekdepleriň toparlary her gezek hem üstünlikli çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşigi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary, gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.