JEMGYÝETMEDENIÝETSYÝASATTÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýaş zehinleriň gözleginde

Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän çärä bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.
Emin agzalary Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Baýram Ýazmämmedowy we Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçe medeniýet öýüniň akkompaniatory Babajan Hanmuradowy ýeňijiler diýip yglan etdiler. Olar bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýylda geçirilip, onda zehinli aýdymçylar ýüze çykarylýar. Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen atlara mynasyp bolanlary hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply