TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda pagta açylyp başlady

Türkmenistanyň gowaçaly meýdanlarynda ilkinji ak hanalar peýda bolup başlady. Bu barada Lebap welaýatynyň mysalynda «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Şonuň üçin hem daýhanlar ir säherden tä iňrik garalýança, ähli wagtyny ak hanalara beslenýän pellerde geçirýärler, çünki ilkinji hanalar açylyp başlan-da bolsa, entek gowaçanyň şahalarynda kemala gelip ýetişmedik körekler hem az däl.
Gowaça ekişinde şu ýyl ilkinji gezek Fransiýa döwletinde öndürilen telematik ulgam bilen işleýän «Monosem NG Plus 4» kysymly gowaça ekýän täze enjamyň ulanylmagy gowaçalary ýekelemek işini aradan aýyrdy. Tohumy takyk taşlaýan bu enjam hatasyz işleýär. Netijede bolsa ekiş döwründe her gektardan ýüz kilograma çenli tohumlyk çigitler tygşytlanýar.
Indiki wezipe pagta ýygymy möwsüminde hem maşynlaryň güýjüne bil baglap, daýhanyň ýetişdiren hasylynyň köp bölegini pagta ýygyjy kombaýnlar bilen ýygmakdan ybarat bolup durýar. Munuň üçin etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bar bolan pagta ýygýan kombaýnlaryň 200-den gowragy taýýar edildi. Möwsümde olaryň we ýygymçylaryň ýygan pagta hasylyny harmanlara daşamak işine dürli görnüşli tehnikalaryň, ulaglaryň 1400-e golaýy gatnaşar. Welaýatyň dürli etraplarda ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 11-sinde hem täze hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi we gaýtadan işlenilmegi üçin ähli çäreler görüldi. Harmanyň çekim gapanlary abatlanylyp, kabul edilen pagtany görnüşleri boýunça ýerleşdirmek üçin zerur şertler döredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply