SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistan: Sportda gowy netijeler gazanyldy

Geçen alty aýyň dowamynda Lebap welaýatynda sportda gowy netijeler gazanyldy.
Dünýäde koronowirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler sebäpli, lebaply türgenler halkara ýaryşlaryna diňe ýylyň başynda gatnaşyp bildiler. Şonda agyr atletikaçy Seýitjan Mirzaýewiň üstünlikli çykyş edýändigini bellemek gerek. Ol şu ýylyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Olimpiýada saýlama ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdi. Has takygy, silkip götermekde hemmelerden öňe saýlandy, itekläp götermekde bolsa 4-nji orna mynasyp bolup, umumy utuk boýunça 3-nji orny eýeledi. Netijede ol Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýaş pälwan Hakberdi Jumaýew dzýudo boýunça Israýylda geçirilen halkara Gran pride 5-nji orna mynasyp boldy. Ýaş küştçi Şageldi Kurbandurdyýew bolsa Türkiýe Respublikasynda 12 ýaşly çagalaryň arasynda küşt boýunça geçirilen halkara ýaryşynda garşydaşlarynyň ählisinden öňe saýlanmagy başardy we 1-nji orny eýeledi. Jora Öwezmyradow şu ýylyň ýanwar aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuda karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşynda birinji orna mynasyp boldy.
Welaýatyň türgenleri ýurt derejesinde geçirilýän ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Geçen alty aýyň dowamynda 876 türgen welaýatyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde Türkmenistanyň çempionatlarynyň, birinjilikleriniň we kuboklarynyň 56-syna gatnaşdy. Olarda 195 sany birinji, 173 sany ikinji, 136 sany üçünji orunlary eýelediler.
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 94 gezek welaýatyň çempionatlary, birinjilikleri we kuboklary geçirildi. Geçirilen ýaryşlara sportuň dürli görnüşleri boýunça welaýatyň etraplaryndan we Türkmenabat şäherinden 9547 sany türgen gatnaşdylar. Olarda 3985 sany baýrakly orunlar eýelenildi. Olaryň 1252 sanysy birinji, 1186 sanysy ikinji, 1547 sanysy üçünji orunlardyr.
Häzirki wagtda welaýatda sport mekdepleriniň 51-si we sport toplumlarynyň 7-si hereket edýär. Olarda 670-den gowrak tälimçi ýaşlaryň 24 müňüne ýakynyna sportuň 37 görnüşi boýunça tälim berýär. Halkara derejeli sport ussatlarynyň 3-siniň, sport ussatlarynyň 13-siniň, sport ussatlygyna dalaşgärleriň 46-synyň sport mekdeplerine tälim alýandyklary we öz tejribelerini ýaşlara geçirýändigi hem sport ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylýandygyndan habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: