JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde 14 sany täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy

Türkmenabat — Mary ýolunyň ugrunda, Türkmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň başlangyç nokadynyň ýakynda täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş 14 sany täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy. Olar lebaply gurluşykçylaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgadydyr.
Toplumyň baş potratçysy Lebap welaýat häkimliginiň «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşigi. Birleşigiň 10-njy, 16-njy we 18-nji gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň hususy kompaniýalar bilen bilelikde bina eden jaýlary hojalyklaryň 336-syna niýetlenendir. Bu ýerdäki üç otagly öýleriň meýdany 115, dört otagly öýleriňki bolsa 121 inedördül metre ýetýär. Jaýlar kerpiçden guruldy. Kerpiç önümçilige birleşige degişli kerpiç zawodlarynyň üçüsinden daşaldy.
Paýly gurluşyk esasynda gurlan jaýlary bina etmäge «Amul ýoly», «Ýeňişli ýollar» we «Beýik sepgit» hususy kärhanalary hem gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply