YKDYSADYÝETYLYM WE TEHNIKA

Transmaşholding Türkmenistana iki teplowoz satar

Türkmendemiryollary AGPJ Russiýanyň «Transmaşholding» paýdarlar jemgyýetinden iki sany dizel teplowozyny satyn alar. Bu barada türkmen demir ýol kompaniýasynyň resmi web sahypasy habar berilýändigi barada Turkmenportal ýazýar.
Ikitaraplaýyn geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlisde ýörite resminama gol çekildi. Oňa laýyklykda ýurdumyza 2TE25 KM kysymly lokomotiwler getiriler.
Wideoşekilli pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar emele gelen netijeli hyzmatdaşlyga özara kanagatlanma bildirdiler, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, geljekde tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça şertnamalary baglaşmaga hem döwtalapdyklaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tehniki işgärlerini taýýarlamak barada gepleşikler geçirildi.
«Transmashholding» paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň ulag inženerçilik bazarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply