Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyplaryň gutardyş dabarasy boldy.

Mugallymlary taýýarlaýan bu okuw jaýyny 400-e ýakyn talyp tamamlady. Olaryň 44-si bolsa tapawutlanan diplomlara mynasyp boldular. Şu ýylyň awgust aýynda ýaş hünärmenler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet ýoluna düşerler.

Instituty tamamlamagy mynasybetli bolan dabarada uçurymlara saýlap alan kärinde üstünlikleri arzuw etdiler. Uçurymlar hem öz gezeginde okadan mugallymlaryna hoşallyk bildirdiler. Ýaş hünärmenlere degişli resminamalar bilen bilelikde ter gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: