MEDENIÝETSUNGAT MEKDEBLERI

Sesi kämilleşdirmegiň ýollary

Bagşydyr aýdymçylar öz seslerini aýamaklyga uly ähmiýet berýärler. Türkmen aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleriniň ykbal ýollary bilen tanyş bolanymyzda, olaryň sesi seýislemeklige uly üns berendiklerine şaýat bolýarys.

Bir gezek bagşy Ödenyýaz Nobatow özüniň halypalaryndan, kakasy Nobat bagşydan eşiden täsin gürrüňlerini, gören-eşidenlerini gürrüň beripdir. Gürrüňçilik gitdigiçe gyzyşypdyr, myhmanlar kä ýarym sowal berip, berlen jogaby ýazga geçiripdirler. Hyzmata gaýym halypa bagşynyň ogullary-da aýtdyrmazdan, saçaga dürli tagam getirip goýupdyrlar. Tomus güni bolansoň, saçaga gawun-garpyz hem getiripdirler. Ödeniýaz bagşy myhmanlara:
— Alyň, myhmanlar, saçak üstündäki gawun-garpyzdan, beýleki gök önümlerden iýip oturyň — diýipdir.
Myhmanlar öňlerine goýlan gawun-garpyzlardan iýip otyrkalar, Ödenyýaz aganyň öňündäki goýlan gawunyň bir dilimine elini degrip görýär-de, çaýly käsesine salýandygyna üns beripdirler. Onuň bu hereketini synlap oturan myhmanlaryň biri maý tapyp, sebäbini sorapdyr. Ödenyýaz bagşy köp pikirlenip oturman:
— Örän ýerlikli sowal berdiň. Men bagşy adam, halka hyzmat etmeli, şonuň üçin hem öz sesimi elmydama goramaly. Şol gawundan meniň hem iýesim geldi, ýöne ol azajyk sowuk ekeni. Haýsy pasyl bolsa-da, isle ýaz, isle gyş, tapawudy ýok, bagşy sesini goramaly, iýýän zatlaryny örän seljerip iýmeli, sebäbi ses perdeleri örän näzik bolýar. Sese aşa sowuk we ajy iýmitler zyýanyny ýetirip bilýär.
Dok garna aýdym gaty ses bilen aýdylmaýar. Şonuň üçin ilki ýeňilräk aýdym aýtmaly. Aýdym aýdan wagtyňda, birki käse gaýnag suw içseň, bokurdagyňa, sesiňe oňat täsir edýär. Aýdym aýdyp bolanyňdan soň, azajyk deriň gaýdyşýança, agyr naharlardan we süýji tagamlardan saklansaň, hem-ä saglygyň, hem-de sesiň üçin peýdaly — diýipdir.
Halypa bagşynyň aýdyşy ýaly, aýdymçy boljak bolsaň, hemişe köpüň öňünde toý-märekede bolmaly bolýarsyň. Toýda aýdym aýdylanda, bar adamlar seniň oturyp-turşuňa, edep-terbiýäňe, gep-sözüňe örän üns berýärler. Bagşyçylyk, aýdym aýtmak ýeňil däl, ol örän jogapkärli kär. Birden beýik sesleri alyp, özüňe zor salanda, ýokarky sesleriň ýitip gitmegi ahmal. Şonuň üçin halypa bagşylar şägirtleriniň ses gözelliklerini kämilleşdiripdirler.

Mamagül HUTDYÝEWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply