TÜRKMENISTAN HABARLARYYLYM WE TEHNIKA

Pagta ýygýan tehnikalar — taýýarlyk hatarynda

Lebap welaýatynda pagta öňde duran pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlaryň ählisi taýýarlyk hatarynda goýuldy.
Bu ýyl Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli pagta ýagýan maşynlaryň 256-sy işlediler. Olaryň 166-sy dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň, galanlary bolsa Özbegistan Respublikasynda öndürilen «MX-1,8» kysymly maşynlardyr. Maşynlaryň ulanylmagy el güýjüniň ep-esli az ulanylmagyna şert döredýär. Mysal üçin, her adam bi günde 60 kilogram pagta ýygýar diýsek, 10 tonna ýygmak üçin 170-e ýakyn işçi güýji gerek bolar. Bir günde 50 kilogramdan ýygsalar bolsa, 200 adam pagta meýdanyna çykmaly bolar. Diýmek, pagta ýygýan maşynlar onlarça müň adamyň etjek işini ýerine ýetirer.
Welaýat boýunça 130 müň gektar meýdanda pagta hasyly ýetişdirilýär. Ondan 320 müň tonna «ak altynyň» ýygnap almak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply