DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Olar nädip birikdi?

«Mirror» neşiriniň ýazmagyna görä, Golliwudyň ýyldyzlary Anželina Joli bilen Bred Pitiň goş birikdirmeginiň esasy sebäbi öwrenildi. Bu bilelikdelik öz taryhyny 2005-nji ýyldan alyp gaýdýar.
Has takygy, şol ýylda «Jenap Smit we hanym Smit» filmi surata düşürildi. Anželinanyň hyzmatçysy Mark Beharyň aýtmagyna görä, şol filmiň surata düşürilýän günlerinde olar köp wagtyny bile geçirdiler. Mark bolsa olaryň ýardamçysy boldy.
«Ol özlerini biri-birini halaýan mekdep okuwçylary ýaly alyp barýardylar. Bu örän ýakymly görünýärdi. Men olary bilelikde kän gördüm, şonuň üçin hem durmuş guranlarynda haýran galmandym» diýip, Mark gürrüň berýär.
Başga çeşmelerde Anželina Joliniň ilki söýgi bildirendigi ýazylýar. Bu halat surata düşüriş meýdanynda başgalaryň hem gözüne ilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply