Türkmenabat şäherinde ýakynda açylan metjide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgady — «GAZel» kysymly ýük maşyny gelip gowuşdy.

Geçen hepdäniň anna güni dabaraly ýagdaýda açylan metjide döwlet Baştutany «Toyota Camry» kysymly ýeňil maşyny we «Hiace» kysymly mikroawtobusy sowgat beripdi, şonuň ýaly-da Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi ýadygärlik hökmünde gowşurypdy.

Metjidiň öňünde maşyny dini wekiller, il hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler garşy aldylar. Öňden gelýän däbe görä onuň üstüne un sepdiler, ruluna alaja bagladylar we ýüzärlik tütetdiler.

Metjidiň ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Ereş Talypowyň aýtmagyna görä, täze ulaglar bu ýere gelýän adamlara hyzmat ederler. Ýük maşyny bolsa hojalyk işlerinde giňden ulanylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: